Ýaşaýyş jaýlaryň satuwy artdy

Ýaşaýyş jaýlaryň satuwy 4,7 göterim artdy

813834
Ýaşaýyş jaýlaryň satuwy artdy

Türkiýede awgust aýynda 120 müň 198 ýaşaýyş jaý satyldy

Türkiýäniň Hasabat guramasy awgust aýyndaky ýaşaýyş jaýlaryň satuwlary bilen baglanşykly hasabat çap etdi.

Hasabata görä geçen aý satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany iýul aýyna garanyňda 3,7 göterim, geçen ýylyň awgust aýyna garanyňda bolsa 4,7 göterim artdy.

Awgust aýynda ýaşaýyş jaý iň köp Stambulda satyldy. Stambulda 18696 ýaşaýyş jaý satyldy. Stambuldan soň gelýän Ankarada 12630 ýaşaýyş jaý satyldy, Ankaradan soň gelýän Izmirde bolsa 6838 ýaşaýyş jaý satyldy.



Degişli Habarlar