Stambul şäherine soňky 8 aýda daşary ýurtly 7 million syýahatçy geldi

Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde şähere daşary ýurtly  6 million 952 müň 86 syýahatçy geldi

810140
Stambul şäherine soňky 8 aýda daşary ýurtly 7 million syýahatçy geldi

Taryhy gurluşy we medeni baýlyklary bilen dünýäniň iň tanymal şäherleriniň hatarynda ýer alýan Stambul şäherine soňky 8 aýda daşary ýurtly 7 million syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýanata görä, awgust aýynda Stambul şäherine gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 37 göterim artyp 1 million 247 müň 384 adama ýetdi.

2017-nji ýylyn 8 aýlyk döwründe bolsa Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçy sany geçen ýylyn şol döwri bilen deňeşdirilende 10,8 göterim artdy.

Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde şähere daşary ýurtly  6 million 952 müň 86 syýahatçy geldi.

Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda 656 müň 428 adam bilen Germaniýa birinji, 526 müň 84 adam bilen Eýran ikinji we 413 müň 273 adam bilen Saud Arabystany bolsa üçünji ýeri eýeledi.

 

 

 



Degişli Habarlar