Türkiýäniň “BOTAŞ” we Kataryň “Qatargaz” kärhanalary tebigy gaz babatynda ylalaşdylar

Türkiýäniň “BOTAŞ” kärhanasy bilen Kataryň “Qatargaz” tebigy gaz kärhanasy 3 ýyllyk suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasy baradaky şertnama gol çekişdi

810678
Türkiýäniň “BOTAŞ” we Kataryň “Qatargaz” kärhanalary tebigy gaz babatynda ylalaşdylar

“Qatargaz” tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä kärhana şertnamanyň çäginde Türkiýä 3 ýylyň dowamynda ýylda 1,5 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz eksport eder.

Beýanatda garaýyşy beýan edilen “Qatargaz” kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Halid Bin Halife Al Sani ylalaşyga hoşaldyklaryny belläp: “BOTAŞ suwuklandyrylan gaz industriýasynda çuňňur tejribä eýe bir müderi. BOTAŞ bilen gatnaşyklarymyz örän özgerdi. BOTAŞ-y arassa energiýa bilen üpjün etmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar