Türkiýe ýel energiýasy boýunça Ýewropada 4-nji ýeri eýeledi

Türkiýe ýel energiýasynda ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 377 megawat mümkinçiligi bilen Ýewropada 4-nji ýeri eýeledi

785367
Türkiýe ýel energiýasy boýunça Ýewropada 4-nji ýeri eýeledi

Ýewropa ýel energiýasy bileleşiginden berlen beýanata görä, Ýewropada üstümizdäki ýylyň birinji 6 aýlyk döwründe jemi 6 müň 100 megawatlyk ýer energiýa mümkinçiligi ulgama degişli edildi.

Ady agzalýan döwürde Germaniýa 2200 megawat ýel energiýasy mümkinçiligi bilen Ýewropada 1-nji ýeri eýeledi.

Snawda 1200 megawat bilen Britaniýa 2-nji, 492 megawat bilen Fransiýa 3-nji, Türkiýe bolsa 377 megawatlyk ýel energiýasy mümkinçiligi bilen 4-nji ýeri eýeledi.

Beýanatda ýel energiýasyna goýlan maýa goýumlaryň bolsa üstümizdäki ýylyň birinji 6 aýlyk döwründe geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 5,7 milliard ýewro azalandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar