Yragyň hökümeti Yragyň Kürt Awtonomiýasyna gidýän nebiti kesdi

Yragyň merkezi hökümeti öz gözegçiligi astyndaky guýylardan çykarylýan nebitiň Yragyň Kürt Awtonomiýasyna iberilmegini duruzdy

784936
Yragyň hökümeti Yragyň Kürt Awtonomiýasyna gidýän nebiti kesdi

Yragyň Nebit ministriniň orunbasary Kerim Hattab Jaferi beren ýazmaça beýanatynda: “Demirgazyk Nebit kärhanasy tarapyndan Yragyň Kürt Awtonomiýasyna iberilýän nebit iň gysga wagtda duruzmaly we goşmaça önümçilik bolsa bes edilmeli” diýipdi.

Jaferi kararyň tehniki näsazlykdanmy, ýogsam başga bir sebäp bilenmi alynandygy barada bolsa beýanat bermedi.

Yragyň merkezi hökümeti 2016-njy ýylyň mart aýynda sebäp bildirmän takmynan 5 aýyň dowamynda Kerkükdäki nebit önümçiligini duruzypdy.

Nebite baý bolan Kerkükde jemi 5 guýy bar.

Şolaryň Baba Gurgur, Jambur we Habbaz guýulary merkezi hökümetiň adyndan Demirgazyk Nebit kärhanasy tarapyndan gözegçilik edilýän bolsa, beýleki ikisi Yragyň Kürt Awtonomiýasy tarapyndan gözegçilik edilýär.



Degişli Habarlar