Yragyň bergisi 112 milliard dollara ýetdi

Reşid terror guramasy DAIŞ-iň hüjümleri we çaknyşyklary sebäpli esasan hem süünileriň ýaşaýan ýerlerindäki sebitlere zeper ýetendigini mälim etdi

778868
Yragyň bergisi 112 milliard dollara ýetdi

Yragyň mejlisiniň Maliýe we ykdysadyýet komissiýasynyň metbugat geňeşçisi Ahmet Hajy Reşid ýurdunyň jemi içerki we daşary ýurt bergisiniň 111 milliard 725 million dollara ýetendigini habar berdi.

Reşid: “Maliýe ministrligimiziň komissiýamyza beren soňky hasabatyna görä Yragyň jemi içerki we daşary ýurt bergisi 111 milliard 725 million dollara ýetdi. Ony ýurdyň ilatyna bölsek täze dogulan çagalar biln birlikde Yragyň raýatlarynyň her biriniň takmynan 6 müň dollar bergisiniň bardygyny görüp bileris” diýdi.

Yragyň esasan hem daşarky bergisiniň örän howply derejä ýetendigini aýdan Reşid: “Dollar ätiýajy hem 80 milliard dollardan 45 milliard dollara çenli azaldy. Ykdysadyýet galkynyş durdy diýen ýaly we hiç hili ösüş alamaty ýok. Bar bolan ykdysady ulgam diňe döwlet işgärleriniň aýlyklaryny töläp bilýär” diýdi.

Yragyň mejlisiniň Maliýe we ykdysadyýet komissiýasynyň metbugat geňeşçisi Ahmet Hajy Reşid terror we çaknyşyklar sebäpli ýumrulan ähli sebitleriň ýaňadandan gurulmagy üçin takmynan 50 müň dollarlyk býujetiň gerekdigini belläp: “Ýurdyň ykdysady ýagdaýy ýumrulan sebitleri täzeden gurjak güýçde däl. Hökümediň mundan köp bergi edinmek ýagdaýy hem ýok” diýip habar berdi.

Reşid terror guramasy DAIŞ-iň hüjümleri we çaknyşyklary sebäpli esasan hem süünileriň ýaşaýan ýerlerindäki sebitlere zeper ýetendigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Yrak , #bergi , #býujet , #DAIŞ , #mejlis , #sünni

Degişli Habarlar