Türkiýede daşary ýutlylara satylýan ýaşaýyş jaýlaryň sany artýar

Iýun aýynda daşary ýurtlylara jaýlar iň köp Stambulda satyldy.

776279
Türkiýede daşary ýutlylara satylýan ýaşaýyş jaýlaryň sany artýar

Şu ýylyň iýun aýynda daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany geçen ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 24,8 göterim artyp, 1926-a ýetdi.

Iýun aýynda daşary ýurtlylara jaýlar iň köp Stambulda satyldy. Stambulda daşary ýurtly raýatlara geçen aý 903 jaý satyldy.

Iýun aýynda Antalýada 408, Bursada 93, Aýdynda 77, Ankarada 68, Muglada 60 ýaşaýyş jaý satyldy.

Satyn almakda ilkinji orunda 612 jaý bilen Saud Arabystanynyň raýatlary gelýär.

Iýun aýynda yraklylar 239, kuweýtliler 136, ruslar 115, britaniýalylar 87 jaý satyn aldylar.



Degişli Habarlar