Türkiýä gelen rus syýahatçylarynyň sany gün saýyn artýar

Türkiýä gelen rus syýahatçylarynyň sany gün saýyn artýar

765270
Türkiýä gelen rus syýahatçylarynyň sany gün saýyn artýar

Rus Wedomosti gazeti Antalýanyň halkara howa menziliniň görkezilerine esaslanýan habarynda 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda diňe Antalýa 1,3 million rus syýahatçynyň gelendigini ýazdy.

Gazetiň habarynda soňky 6 aýda Antalýadaky dynç alyş ýerlerine jemi 3,4 million syýahatçynyň gelendigi we syýahatçylaryň 38 göteriminiň rus syýahatçylaryndan ybaratdygy nygtaldy.

Habarda Antalýa gelen syýahatçylaryň sanawynda 17 göterim bilen ikinji ýerde germaniýaly syýahatçylaryň, üçinji ýerde bolsa 8 göterim blen ukrainaly syýahatçylar gelýändigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar