Airbus kärhanasy Hytaýa ýolagçy uçar satar

Airbus Hytaýyň China Aviation Supplies kärhanasyna 140 sany ýolagçy uçaryň satylmagy babatynda ylalaşyk gazandy

766014
Airbus kärhanasy Hytaýa ýolagçy uçar satar

Airbus China Aviation Supplies kärhanasyna 100 sany ‘‘A320” we 40 sany “A350 XWB” görnüşini satar.

Ýolagçy uçarlaryň hytaýly kärhana öňümizdäki 5-6 ýylyň içinde berer.

Fransuz metbugatyna görä 140 uçaryň katalogdaky bahasy 22,8 milliard dollar.

Fransiýanyň paýtagty Parižde geçen aý geçirilen 52-nji Awiasiýa sergisindäki tabşyryk almak ýaryşynda Airbus garşydaşy Boeingden yzda galypdy.

Boeing serginiň ahyrynda 74,8 milliard dollarlyk, Airbus bolsa 39,7 milliard dollar gymmadynda tabşyryk alypdy.



Degişli Habarlar