"Goňşyňy alyp gel" kampaniýasy bilen 20 müň syýahatçy dynç alar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň daşary ýurtlylara ýüzlenip aýdan "Goňşyňy alyp gel" kampaniýasy bilen dynç aljak syýahatçylaryň sany belli boldy

760888
"Goňşyňy alyp gel" kampaniýasy bilen 20 müň syýahatçy dynç alar

Türkiýä Gollandiýa, Germaniýa, Fransiýa, Awstriýa we Şweýsariýadan syýahatçy getirýän syýahatçylyk kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Kadir Ugur Ýewropada dynç alyş petekleriniň satuwlarynyň 38 göterim artandygyny belledi.

Kadir ugur: "38 göterimiň 15 göterimi Goňşyňy alyp gel kampaniýasy bilen gelýär. 120 müň turistiň 20 müňi Goňşyňy alyp gel kampaniýasyndan" diýip habar berdi.

 



Degişli Habarlar