Türkiýe 2030-njy ýyla çenli öz harby uçarlaryny öndürer
Türkiýe 2030-njy ýyldan ozal F-16-laryň ýerine öz harby uçarlaryny uçurmagy meýilleşdirýär
Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk Konýada esgerler bilen agzaçarda duşuşdy.
Ol ýerdäki çykyşynda Türkiýäniň goranmak senagatyndaky soňky täzelikleriň üstünde durup geçen Fikri Yşyk: “Ozal ähli ok-därilerimizi daşary ýurtlardan alan bolsak, häzirki wagtda ok-därileriň 65 göterimi ýerli mümkinçilikler bilen öndürilýär” diýdi.
Yşyk Türkiýäniň maksadynyň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli ok-därileriň 85 göterimini ýerli mümkinçilkler bilen öndürmekdigini habar berdi.
Türkiýäniň öňünde esasy iki uly maksadyň bardygyny aýdan Goranmak ministri Yşyk: “Maksatlarymyzyň biri harby uçar öndürmek. Taslamada häzirki wagtda öňe gidişlikler edilýär. Nesip bolsa 2023-nji ýylda ilkinji prototip uçuşyny ýerine ýetirer, 2030-njy ýyla çenli bolsa F-16-laryň ýerine özümiziň milli harby uçarlarymyzy uçurmaga başlarys” diýdi.
Degişli Habarlar
Şaý-sep Eksporty 6 Milliard Dollara Barabar Boldy
10 aýlyk şaý-sep pudagynyň eksporty jemi eksportda 2,8 göterimlik paýa eýe boldy.