Mushikiwabo türk işewür adamlaryny ýurduna maýa goýmaga çagyrdy

Ruandanyň Daşary işler ministri we hökümetiň metbugat geňeşçisi Louise Mushikiwabo türk işewür adamlaryny ýurduna maýa goýmaga çagyrdy

733258
Mushikiwabo türk işewür adamlaryny ýurduna maýa goýmaga çagyrdy

Mushikiwabo “Maýadarlar üçin amatly mümkinçilikler hödürleýäris. Türk firmalaryny diňlemäge we ýeňillikler döretmäge taýardyrys” diýdi.

Mushikiwabo Anadoly habarlar gullugyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Mushikiwabo “türk firmalary esasan hem infstruktura pudagynyň başda durmagynda energetika we gurluşyk pudagy ýaly birnäçe ugurda ýurdumyzda maýa goýup bilerler” diýdi.

Mushikiwabo Türkiýäniň ykdysady taýdan ösýändigini, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda köpri wezipesini ýerine ýetirýändigini we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtady.

Mushikiwabo Türk Howa Ýollaryndan Ruanda uçar saparlaryny guramagyny isleýändiklerini we mundan hoşal boljakdyklaryny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar