Portugaliýada kärhananyň ýolbaşçylary ýönekeý işgärlerden 100 esse köp pul gazanýar

Lissabon biržasynda görkezilen portugaliýaly kärhanalaryň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlyklarynyň aýlyklary 2016-njy ýylda ortaça 876 müň ýewro boldy

724959
Portugaliýada kärhananyň ýolbaşçylary ýönekeý işgärlerden 100 esse köp pul gazanýar

Iň ýokary aýlyk berilýän kärhanalar Jeronimo Martins, EDP we SONAE ýaly kärhanalar boldy.

EDP kärhanasynyň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Antonio Meksia 2 million ýewrodan gowrak pul gazandy. 12 müň işgäri bolan EDP kärhanasyndaky işgärleriň ortaça aýlygy ýylda 49 müň ýewro bolup, bu görkeziji ýolbaşçynyň aýlygyndan 41,5 göterim az.

Portugaliýanyň Jeronimo Martins kärhanasynyň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Pedro Soares Dos Santos geçen ýyl 1, 269 ýewro gazandy. Jeronimo Martins kärhanasynda ortaça aýlyk bolsa 12500 ýewro bolup, kärhananyň ýolbaşysy bilen ýönekeý işgäriň aýlyklarynyň tapawudynyň 101 esse bolmagy ünsleri özüne çekýär.

Beýleki tarapdan bolsa portugaliýaly işgärleriň 22,3 göterimi wagtlaýyn işgär statusynda.



Degişli Habarlar