Erdogan: “Referendumda konstitutsion özgertme kabul edilen halatynda ykdysadyýetde uly ösüş ediler”

Prezident R.T.Erdogan 16-njy aprelde geçiriljek referendumda konstitutsion özgertme kabul edilen halatynda Türkiýäniň ykdysadyýetde uly ösüş etjekdigini aýtdy

712407
Erdogan: “Referendumda konstitutsion özgertme kabul edilen halatynda ykdysadyýetde uly ösüş ediler”

Erdogan 3 hususy teleýaýlymyň bilelikdäki ýaýlymynda soraglara jogap berdi.

Ýekşenbe güni geçiriljek referendum barada garaýyşlaryny beýan eden Erdogan, referendum üçin ähli howpsyzlyk çäreleriniň görülendigini nygtady.

Täze ulgam bilen halk deputatlarynyň sanynyň 550-den 600-e ýetiriljekdigini aýdan Erdogan, şeýlelikde Mejlisiň hem güýçlenjekdigini beýan etdi.

Erdogan Ýewropanyň ähli terror guramalary bilen bilelikde konstitutsion özgertme üçin geçiriljek referendumdan ýaramaz netije çykmagy üçin bar güýji bilen tagalla edýändigini aýtdy.

16-njy apreliň şol bir wagtda-da Ýewropa beriljek güýçli ýüzlenme bolandygyny nygtan Erdogan, konstitutsion özgertme halk tarapyndan tassyklanan halatynda ÝB-Türkiýe gatnaşyklaryny ýaňadandan seljerjekdiklerini we ÝB bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyna garşy göreşde 16-njy apreliň eýeleýän ähmiýetine ünsi çekdi. Referendumdan soň FETÖ garşy göreşiň dowam etjekdigini duýdurdy.

Adatdan daşary dolanşyk düzgüni barada-da durup geçen Erdogan, onuň möhletiniň gerek bolan halatynda ýene-de uzaldylyp bilinjekdigini aýtdy we oňa Fransiýany mysal hökmünde getirdi.

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde başdan geçirilenler bilen durmuşy zyndana öwürendigini beýan eden Erdogan, terrorçylyga garşy egilşiksiz göreşiň netijesinde durmuş şertleriniň kadalaşandygyny we hökümetiň düýpli maýa goýumlaryny goýýandygyny gürrüň berdi.

Sebitde 10 aýyň dowamynda 10 müňden gowrak terrorçynyň ýok edilendigini aýdan Erdogan, İspaniýada ETA-nyň edişi ýaly PKK-nyň hem ýaraglary gömmekden başga çäresiniň ýokdugynyny nygtady.

 



Degişli Habarlar