12-nji Türk-Arap Ykdysadyýet Forumy 23-nji martda Stambulda geçiriler

Türk-Arap Forumy TAF-2017 arap dünýäsiniň maýadarlaryny Türkiýedäki mümkinçilikler bilen tanyşdyrar

696333
12-nji Türk-Arap Ykdysadyýet Forumy 23-nji martda Stambulda geçiriler

Wise-premýer Mehmet Şimşek tarapyndan açyljak we 500-den gowrak ýokary derejeli firma ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçiriljek TAF-2017-de türk işewür dünýäsine Türkiýäniň Biržalar we birleşmeler bileleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly wekilçilik eder.

Forumda Türkiýäniň Milli gaznasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we baş müdiri Mehmet Bostan hem çykyş eder.

Bankçylyk, maliýe, kärendeçilik ugurlary boýunça pikir alyşyljak forumda Türkiýeden bütin dünýä durnuklylyk ýüzlenmesi beriler.

2005-nji ýyldan bäri “dünýäde we sebitinde ykdysady taýdan güýçli Türkiýe” şygary bilen her ýyl Stambulda geçirilýän we şu günki güne çenli 8 premýer ministri, 78 ministri, 720 firmanyň wekillerini we 5,5 müňden gowrak gatnaşyjyny jemlän TAF sebitiň adatdan daşary şertlerine garamazdan yzgiderliligi bilen “durnuklylygyň” simwolyna öwrüldi.



Degişli Habarlar