Ysraýyl türk işewür adamlaryna 3 ýyl möhletli wiza ýeňilligini döreder
Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlamagyndan soň Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda İşewürler maslahaty geçirildi
677037
Maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsuly Shai Kohen gatnaşyklaryň ýaňadandan kadalaşmaga başlandygyny belledi.
Kohen 3 hepde ozal Ankarada iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi hakynda kararyň kabul edilendigini belledi.
Kohen gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşmak maksady bilen türk işewür adamlaryna 3 ýyl möhlet bilen wiza ýeňilliginiň döredilmegini göz öňünde tutýandyklaryny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Senagat Önümçiligi Artdy
Türkiýäniň Hasabat guramasy senagat önümçilik indeksiniň görkezijilerini çap etdi.