IMF Gyrgyz Respublikasyna uly jykdajylaryň edilmezligi barada duýduryş berdi

Halkara Pul gaznasy IMF Gyrgyz Respublikasyna prezdent saýlawlarynyň öňüsyrasynda uly jykdajylaryň edilmezligi barada duýduryş berdi

674722
IMF Gyrgyz Respublikasyna uly jykdajylaryň edilmezligi barada duýduryş berdi

Iş sapary bilen Bişkege baran Halkara Pul gaznasynyň resmi wekiliýeti hökümetiň agzalary, merkezi bankyň ýolbaşçylary we maliýe pudagynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklaryndan soň ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda güýz aýlarynda geçiriljek prezident saýlawynyň öňüsyrasynda uly jykdajylarynyň edilmezligi üçin hökümetiň agzalaryna duýduryş berildi we bujet ýetmezçiliginiň azaldylmagy çagyryşy berildi.

Gyrgyzystan 2015-nji ýylda Halkara Pul gaznasyndan 92 million dollar almak üçin 3 ýyllyk ykdysady goldaw maksatnamasyny kabul edipdi.

Maliýe ministrliginiň görkezijilerine görä, Gyrgyzystanyň Halkara Pul gaznasyna 188 million dollarlyk bergisi bar.

 



Degişli Habarlar