Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň depgini güýçlendi

Taslama üçin Bütindünýä banky 800 million dollar maliýe goldawyny berýär

669641
Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň depgini güýçlendi

Azerbaýjanyň üstaşyr Türkiýä we Ýewropa gaz akdyrjak Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň depgini güýçlendi.

2018-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýän taslama üçin Bütindünýä bankynyň Türkiýä berjek 400 million dollarlyk karzy boýunça gollar goýuldy.

2015-nji ýylda badalga berilen taslama bilen Azerbaýjanda çykarylýan tebigy gaz halkara bazarlaryna ýetiriler. Diňe bir Türkiýe däl, eýsem Ýewropa hem Azerbaýjanyň gazyna müşderi bolar.

2018-nji ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýan taslamanyň düşýän gymmagy 8,5 milliard dollara barabar bolar.

Taslama üçin Bütindünýä banky 800 million dollar maliýe goldawyny berýär.

400 million dollary Azerbaýjana berilen karzyň 400 milliony bolsa Türkiýä beriler.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak gol çekişlik dabarasynda täze maliýe üpjünçilikleri barada-da maglumat berdi.

Berat Albaýrak: “Bütindünýä banky dä, eýsem Halkara gulluklar, halkara maýa goýum banklary durmuşa geçirilýän energetika taslamalary üçin 3 milliard dollara golaý maliýe goldawyny 2017-nji ýylyn dowamynda enşalla dürli taslamalarymyz üçin netijelendirmegi maksat edinýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar