Türk akymy taslamasy üçin 7 milliard ýewro serişde gerek bolar

Türk akymy tebigy gaz turba geçirisiniň gurluşygy üçin 7 milliard ýewro barabar maýa goýulmaly

635696
Türk akymy taslamasy üçin 7 milliard ýewro serişde gerek bolar

Rus hökžümeti Türk akymy taslamasyny tassyklamak üçin Döwlet Dumasynyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Dumasynyň internet sahypasynda çap edilen Türk akymy baradaky ylalaşykda; “İki ugurdan ybarat boljak taslamanyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin gerek bolan maýa goýumyň Günorta akymy taslamasy üçin sarp edilen çykdajylar bilen birlikde 7 milliard ýewro barabar” diýilýär.

Ylalaşyga görä geçirijiniň deňiziň aşagyndan çekiljek bölüminiň dizaýny, gurluşygy we dolanşygy Russiýa degişli. İki ugruň gury ýerdäki bölümi bolsa Türkiýe tarapyndan çekiler. Gazyň akdyrylmagy üçin bolan gury ýer bölümini bolsa taraplar bilelikde gurarlar.

“Sputnik” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Türk akymynyň birinji ugrunyň Russiýanyň býujetine ýyllyk 750 million dollar girdeji getirjekdigi nygtalýar.

Ylalaşygyň Dumada ýanwar aýynda tassyklanmagyna garaşylýar.

Rus tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak “Türk akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasy” üçin hökümetara ylalaşygna 2016-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda gol çekişilipdi.

Taslama ilkinji gezek 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan gün tertibine getirilipdi.



Degişli Habarlar