Söwda gatnaşyklarynda dollaryň ýerine milli pul birlikleriniň ulanylmagyna Eýran oňyn jogap berdi

“Türkiýäniň çagyryşy uzyn möhletli meýilnama bolsa onda oňyn çagyryşdyr. Türkiýe bu meselede içgin bolsa ýakyndan hyzmatdaşlyk edip bileris”

624345
Söwda gatnaşyklarynda dollaryň ýerine milli pul birlikleriniň ulanylmagyna Eýran oňyn jogap berdi

Prezident R. T. Erdoganyň söwda gatnaşyklarynda dollaryň ýerine milli pul birlikleriniň ulanylmagy baradaky çagyryşyna Eýran oňyn jogap berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Behram Kasymy; “Türkiýäniň çagyryşy uzyn möhletli meýilnama bolsa onda oňyn çagyryşdyr. Türkiýe bu meselede içgin bolsa ýakyndan hyzmatdaşlyk edip bileris” diýdi.

Kasymy ýeterlik ykdysady güýje eýe bolan ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmagyna oňyn garaýandyklaryny aýtdy.

Prezident R. T. Erdoganyň Hytaý we Russiýa bilen ediljek söwda gatnaşyklarynda hem milli pul birlikleriň ulanylmagy hakynda çagyryş berendigini ýatladan Kasymy, “Şeýle halka döredilen halatynda bu öwrülşik nokady bolar. Elbetde bu beýle ýeňil bolmasa gerek, munyň üçin tutanýerli tutum alnyp barylmaly”diýdi.

 



Degişli Habarlar