Prezident Erdogan: “Puldan pul gazanmak dogry däl”

Erdogan ýokary göterime esaslanýan bank ulgamyny ýene-de bir gezek tankyt etdi

616681
Prezident Erdogan: “Puldan pul gazanmak dogry däl”

Prezident Erdogan Birja Stmabul bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasyndaky Strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşygyň Jaň dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan göterim mukdarlary barada bankçylara ýüzlenip: “Haýyş edýärin, göterimleri amatly derjelere düşüriň” diýdi.

Prezident Erdogan ykdysady ösüşi önümçilik we maýa goýum bilen amala aşyrylyp bilinjekdigini nygtap: “Göterime esaslanýan bank ulgamy çykgynsyzlyga sezewar boldy. Puldan pul gazanmaga däl, eýsem zähmet, alyn deri, maglumat, söwda bilen pul gazanmaga esalanýan maliýe ulgamyna gönükmäge mejburdyrys” diýdi.

Merkezi Bankyň özbaşdaklygyna garşy däldigini hem nygtan Erdogan, emma halkyň serişdeleriniň ýokary göterim bilen zaýalanmagyna razy bolmajakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar