Russiýa ýene-de bäş türk gök-önümiň importyna rugsat berdi

Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministri Faruk Çelik Soçi şäherinde geçirilen II Bütindünýä Galla önümleri forumynda rus resmiler bilen duşuşdy

615226
Russiýa ýene-de bäş türk gök-önümiň importyna rugsat berdi

Gepleşiklerden soň beýanat beren ministr Çelik importyna rugsat berilen önümler bilen baglanşykly: “Bu önümler badamjan, burç, nar, kädi we salat önümleri. Geçiren toparara gepleşiklerimizde bu 5 gök-önümiň gadagançylygynyň ortadan aýrylmagy bilen baglanşykly ýygnanjakdyklaryny we gadagançylygy ortadan aýyrmak niýetindediklerini bize aýtdylar” diýdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda rus resmileriniň Türkiýeden gyzyl et bilen bagly talabyň bardygyny aýdan Faruk Çelik: “Özlerine gyzyl et almak isleýändigimizi emma, ol meseläni ýene-de 16 gök-önümden soň arkaýyn ara alyp maslahatlaşyp biljekdigimizi belledik” diýdi.



Degişli Habarlar