Dünýäniň ululyk taýdan 4-nji nebit käni ABŞ-da anyklandy

Bu barasynda ABŞ-nyň Geologik gözlegler edarasy habar berdi

612483
Dünýäniň ululyk taýdan 4-nji nebit käni ABŞ-da anyklandy

ABŞ-nyň İçeri işler ministriniň Geologik gözlegler edarasyndan berilen beýanatda Tehas ştatynyň günbatarynda Permian giňişliginde ýerleşýän Wolfkamp atly ýerde 20 milliard barrele golaý çig nebitiň bargynyň çaklanylýandygy habar berildi.

Şeýlelikde Saud Arabystanyndan 75 milliard barrel ätiýajy galan Gawar giňişliginden, Kuweýtde 65-70 milliard barrel ätiýajy bolan Burgan giňişliginden we Saud Arabystanda 50 milliard barrel ätiýajy bolan Safaniýa giňişliginden soň Wolfkamp giňişligindäki açyş dünýäniň 4-nji ätiýajyna eýe nebit käbi boldy.

Beýanatda Wolfgang giňişliginde 450 milliard kub metre barabar tebigy gazyn bardygynyň çaklanylýandygy habar berildi.



Degişli Habarlar