Russiýa tebigy gazyň akdyrylmagynda howplaryn bardygyny beýan etdi

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak gyş aýlarynda Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa we Türkiýä gaz akdyrylmagy bilen bagly howplaryň barydygyny aýtdy

608375
Russiýa tebigy gazyň akdyrylmagynda howplaryn bardygyny beýan etdi

Russiýanyň paýtagty Moskwada žurnalistlere beýanat beren Nowak, Ukrainanyň gyş aýlaryndan ozal ýeterli gaz ätiýajyna eýe bolmandygyny öňe sürüp: “Häzirki wagtda-da howanyň ýylylygy adatdakysyndan pes. Şol sebäpli akdyrylýan gaz bilen bagly käbir howplar bar” diýdi.

Nowak birnäçe gün ozal beren beýanatynda-da Ukrainanyň gyş aýlarynda tebigy gaz ýetmezçiligini başdan geçirmezligi üçin ammarlaryna 2 milliard kub metr gaz goşmalydygyny aýdypdy.

Ýewopa sarp edýän gazynyň 15 göterimini, Türkiýe bolsa 30 göterimini Ukrainanyň üstaşyr geçýän turba göterijileri arkaly import edýär.


Etiketkalar: #Russiýa , #tebigy gaz , #Ukraina , #gyş

Degişli Habarlar