Türk potratçylar Bahreýnde ägirt uly şäher gurar

Türk potratçylar Bahreýnde 20 müň ýaşaýyş jaýlyk ägirt uly bir şäher gurmaga taýarlanýar

584370
Türk potratçylar Bahreýnde ägirt uly şäher gurar

Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi DEIK tarapyndan başladylan “Maýa goýum we maýadarlara maglumat bermek” programasynyň çäginde 15 adamdan ybarat türk wekiliýet Bahreýne bardy. Türkiýeden giden wekiliýet 50-ä golaý ýokary derejeli ýolbaşçy we işewür adam bilen duşuşdy.

Bahreýniň Ýerleşdirme ministri Basim Bin Ýakup Al Hamer bilen geçirilen duşuşykda türk patratçylara 20 müň ýaşaýyş jaýy gurup bermekleri üçin talap bildirildi.

Bahreýnde türk potratçylary tarapyndan guruljak öýleriň her biri 200 inedördül metr bolar.

Bahreýn 1,5 milliona golaý ilaty bilen Türkiýäniň Stambul, Ankara, Izmir, Bursa, Adana, Konýa, Gaziantep, Şanlyurfa, Kojaeli, Mersin, Diýarbakyr we Hataý ýaly 13 welaýatyndan kiçi bir ýurtdyr. Ilaty Türkiýä garanyňda bular ýaly az bolan bir ýurtda 20 müň ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny öz üstüne almaklyk türk potratçylaryň wajyp üstünlik hökümnde garalýar.



Degişli Habarlar