Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri bilen duşaşar

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji we Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Alekseý Ulukaýew Stambul şäherinde 8-9-njy oktýabr aralgynda geçiriljek XXIII Bütindünýä Energetika kongresiniň çäginde duşuşar

578844
Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri bilen duşaşar

Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministriniň orunbasary Alekseý Lihaçew paýtagt Moskwada metbugat işgärlerine beren beýanatynda Zeýbekji bilen Ulukaýewiň arasynda geçiriljek duşuşykda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ele alynjakdygyny habar berdi.

Lihaçew: “Hyzmat we maýa goýum ugurlary bilen baglanşykly gepleşiklerimizi dowam etdirýäris. Öňümizdäki hepdäniň ahyryna çenli Türkiýedäki hünärmenlerimiziň bu babatda öňe gidişlik etmeklerini umyt edýäris” diýdi.

9-13-nji oktýabr aralygynda geçiriljek XXIII Bütindünýä Energetika kongresiniň çäginde Russiýanyň we Türkiýäniň arasyndaky hökümetara komissiýanyň hem jemlenmegine garaşylýar.

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak hem ozal beren beýanatynda Türk Akymy taslamasy babatynda oktýabr aýynda ylalaşyk gazanylyp bilinjekdigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar