Erdogan Nýu Ýorkda Amerikaly 30 firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Amerikaly telekeçilere Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri we maýadarlar üçin döredilen ýeňillikler we höweslendirişler hakynda maglumat berildi

575153
Erdogan Nýu Ýorkda Amerikaly 30 firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bilen duşuşdy

 

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde  Amerikaly 30 firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Energetika, himiýa we saglygy goraýyş ýaly birnäçe ugurda iş alyp barýan firmalaryň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident R. T. Erdogan duşuşykda amerikaly telekeçilere Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri we maýadarlar üçin döredilen ýeňillikler we höweslendirişler hakynda maglumat berdi.

Türkiýäniň güýçli maliýe gurluşy sebäpli 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň türk ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirmändigini aýdan Prezident R. T. Erdogan, iki ýurduň arasyndaky 20 milliard dollarlyk söwda mukdarynyň ýeterlik derejede däldigini, harby we syýasy ugurlardaky ýokary gatnaşyklaryň ykdysadyýete hem oňyn täsirini ýetirmelidigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan täze maýa goýum höweslendiriş ulgamynyň Türkiýede maýa goýumlary has amatly ýagdaýa getirendigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň güýçli ykdysady gurluşy we infstruktura pudagyna goýan maýa goýumlary bilen sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda öňe saýlanýandygyny aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar