Türk akymy üçin Gresiýada möhüm maslahat geçirildi

Türk akymy turba geçiriji taslamasynyň Gresiýa çenli uzadylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

569072
Türk akymy üçin Gresiýada möhüm maslahat geçirildi

 

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras, Russiýanyň Wise-premýeri Arkady Dyorkowiç we Energetika ministri Aleksandr Nowak bilen Salonikde duşuşdy.

Halkara 81-nji Salonik sergisiniň çäginde bolan duşuşykda Türk akymy turba geçiriji taslamasynyň Gresiýa çenli uzadylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazpromyň başlygy Alekseý Miller Türk akymynyň Türkiýäniň üsti bilen Gresiýa çenli uzadylyp bilinjekdigini we şeýlelikde Ýewropa tebigy gazyň akdyryljakdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar