“Russiýa bilen söwda gatnaşyklarynda täze sahypa açyldy”

Türkiýäniň Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministri Russiýa bilen baglanşykly beýanat berdi

560744
“Russiýa bilen söwda gatnaşyklarynda täze sahypa açyldy”

Türkiýäniň Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministri Faruk Çelik Russiýa bilen söwda gatnaşyklarynda täze sahypanyň açylandygyny mälim etdi.

Ministr Faruk Çelik Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda täze döwrüň başlandygyny belläp, Russiýa gysga wagtda oba-hojalyk önümleriniň eksportynyň başlajakdygyny habar berdi.

Faruk Çelik Russiýa bilen ençeme ugurda hyzmatdaşlyk edilýändigini, emma gatnaşyklaryň arasynda oba-hojalyk boýunça ugruň iň möhümidigini belläp, oba-hojalyk ugrunyň garaşmaga wagtynyň ýokdugyny nygtady.

Sebitiň iki wajyp ýurdy bolan Türkiýäniň we Russiýanyň resmileriniň ikitaraplaýyn saparlarynyň özara gatnaşyklara oňaýly täsir ýetirendigini we onuň oba-hojalyk önümleriniň eksportyna hem uly täsiri bolandygyny aýdan Çelik: “Men öňümizdäki aýlarda, esasan hem sitrus ösümlikleriniň ýetişýän möwsümi bolan öňümizdäki birnäçe aýyň içinde oba-hojalyk bilen baglanşykly eksportyň, oba-hojalyk bilen baglanşykly potensialyň, iki ýurduň arasyndaky potansialyň ýaňadandan ösmäge başlajakdygyna ynanýaryn” diýip belledi.



Degişli Habarlar