Eýran Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär...

Eýranyň Energetika ministriniň orunbasary Felahetiýan Türkiýäniň Anadoly habarlar gullugyna beýanat berdi

542621
Eýran Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär...

Eýranyň Energetika ministriniň orunbasary Huşeng Felahetiýan embargolaryň aýrylmagyndan soň, Eýranda maýa goýum mümkinçilikleriniň has artandygyny belläp: “Türkiýe bilen ähli ugurda hyzmatdaşlyk edilmek üçin işleri çaltlandyrdyk. Energetika pudagy boýunça ýel, gün we biogaz ýaly ugurlarda türk maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys we olary ýurdumyza çagyrýarys” diýdi.

Felahetiýan Anadoly habarlar gullugyna P5+1 ýurtlary bilen gazanylan ylalaşykdan soň, Eýrana garşy goýulan embargolaryň aýrylýandygyny we Türkiýe bilen energetika ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny habar berdi.

Eýranyň embargolardan soň ençeme ýurduň maýadaryny özüne çekendigini bellän Felahetiýan Eýranda daşary ýurtly maýadarlaryň ynamly ýagdaýda iş alyp barmaklary üçin bank pudagyna hem täze düzgünnamalaryň giriziljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar