FED syýasy prosent stawkalaryny üýtgetmedi

ABŞ-nyň Merkezi banky FED syýasy prosent stawkasyny üýtgetmedi

539191
FED syýasy prosent stawkalaryny üýtgetmedi

Şuňa laýyklykda görkeziji göterim mukdary azyndan 0,25 we ýokary bolanda 0,50 aralygynda üýtgewsiz saklandy.

İýun aýyndan bäri alynan görkezijiler el güýji bazarynda ösüşiň bardygyny we ykdysady hereketiň depgininiň ýokarlaýandygyny görkezýär.

FED-den berilen beýanatda “İýun aýyndaky el güýji artyşy maý aýyndakydan has ýokar” diýilýär.

ABŞ-nyň Merkezi banky ýurduň ykdysadyýetde hojalyk başyna düşýän sap edişin ýokary depginde artandygyny, emma iş goýumlarynyň azdyğyny nygtady.

FED inflýasiýanyň ýakyn geljekde pes bolmagyna garaşylýandygyny, sentýabr aýynda prosent stawkalarynyň ýokarlandyrylyp bilinjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar