Elwan: “Türkiýe şu hepde ykdysadyýetde kadaly görkezijilere eýe bolar”

Ösüş ministri Lütfi Elwan Türkiýäniň şu hepde ykdysadyýetde kadaly görkezijilere eýe boljakdygyny aýtdy

538648
Elwan: “Türkiýe şu hepde ykdysadyýetde kadaly görkezijilere eýe bolar”

Hususy teleýaýlymlardan birinde gepleşige gatnaşan Lütfi Elwan 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň Türkiýäni ýok etme meýilnamasydygyna ünsi çekip: “Türk ykdysadyýetiniň nähili berkdigi görüldi” diýdi.

Türkiýäniň tümlükden çykandygyny nygtan Elwan: “Bu hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýäniň ykdysadyýeti synagdan diýseň üstünlikli geçdi. Biržamyz ýapylmady. Sermaýa hereketlerinde haýsydyr bir çäklendirme bolmady. Walýuta kursynda, prosent stawkalarynda, biržanyň indeksinde hakykatdan hem şeýle howply, hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygy netijesinde uly bir tolkunşyk bolmady” diýdi.

Orta möhletli makro maksatlarda haýsydyr bir özgerlişigiň edilmejekdigini nygtan Lütfi Elwan: “Ösüş maksadymyzy üýtgetmedik. Ykdysadyýetimizde elbetde başlangyçda näbellilik boldy. Emma esasanda şu hepde ähli ykdysady görkezijileriň kadalaşmagyna garaşýarys. Haýsydyr bir kynçylyk göremizok” diýdi.

Wise-premýer Mehmet Şimşek agdarlyşyk synanşygynyň öňüni alan milletiň bazardaky agdarlyşyk synanşygyny hem yza serpikdirendigini aýtdy.

Hususy teleýaýlymlardan birinde gepleşige gatnaşan Mehmet Şimşek: “Düýnki görkezijilere görä raýatlarymyz 9 milliard dollardan gowrak walýutasyny çalşyp, türk lirasyna geçdi” diýdi.

Türk ykdysadyýetiniň güýçlidigini gürrüň beren Şimşek, agdarlyşyk synanşygy sebäpli ykdysadyýete uly zyýanyuň ýetmändidigini nygtady.



Degişli Habarlar