19 konteýnerlik ynsanparwer kömek kerweni Gaza girdi

Sosial işler ministrligi 400 konteýnerlik ynsanperwer kömegiň Gaza ugradyljakdygyny habar beripdi

526623
19 konteýnerlik ynsanparwer kömek kerweni  Gaza girdi

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde Lady Leýla atly gämi bilen ugradylan 19 konteýnerlik ynsanparwer kömek kerweni Ysraýylyň gözegçiligi astyndaky Kerm Abu Salim gümrük geçelgesinden Gaza girdi.

Gümrük geçelgesiniň müdüri Munir Al Galban konteýnerlerde un, şeker, ýag we tüwi ýaly azyk önümleriniň bardygyny we Gazadaky Sosial işler ministrligine tabşyrlan ynsanperwer kömek önümleriniň halka paýlanjakdygyny nygtady.

Ynsanperwer kömek önümleri geçen duşenbe gününden bäri Gaza ugradylýar.

Sosial işler ministrligi 400 konteýnerlik ynsanperwer kömegiň Gaza ugradyljakdygyny habar beripdi.

 



Degişli Habarlar