G-20-ä agza ýurtlaryň Söwda ministrleriniň maslahaty Şanhaýda geçirildi

Maslahata Türkiýäniň adyndan Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi gatnaşdy

526611
G-20-ä agza ýurtlaryň Söwda ministrleriniň maslahaty Şanhaýda geçirildi

 

G-20-ä agza ýurtlaryň Söwda ministrleriniň maslahatynda Türkiýäniň islegine laýyklykda bosgunlaryň söwda we ykdysadyýete goşant goşmagy üçin işe girişilmegi üçin karar kabul edildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda global ykdysadyýetdäki näbellilikler sebäpli emele gelen howplara üns çekildi.

Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirlen maslahata Türkiýäniň adyndan Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi gatnaşdy.

Nihat Zeýbekçi maslahatyň çäginde İndoneziýanyň Söwda ministri Thomas Lemhong, Täze Zelandiýanyň Söwda ministri Hon Todd Mak Kleý we ÝB-niň Söwda komisary Jejillia Malstöm bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.

 



Degişli Habarlar