Hytaý hökümeti harby býujetini azaldar

Hytaýyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň peselmegi sebäpli harby býujetini azaltmak isleýär

497306
Hytaý hökümeti harby býujetini azaldar

“South China Morning Post” gazedi Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Si Szinpiniň ykdysadyýetdäki peselme sebäpli harby býujetiň adaty ösüş derejesiniň ozalky ýyllardaky ýaly dowam etmejekdigini belläp, goşunyň çykdajylarynda eserdeň bolmaga çagyrdy.

Si Szinpin harby çykdajylaryň dogry ýagdaýda ulanylmaýandygyna ünsleri çekip, gymmat taslamalardan uzak durulmalydygyny nygtady.

Hytaýyň ykdysadyýetindäki peselme harby býujetine hem öz täsirini ýetirdi we 7,6 göterim bilen soňky 6 ýylyň iň pes býujetine eýe boldy.

Ýurduň harby býujeti 2015-nji ýylda 10,1 göterim artdyrylypdy.



Degişli Habarlar