Eýran, Hindistan we Owganystan Çabahar şertnamasyna gol çekdiler

Hindistanyň Premýer ministri Modi bolsa üç ýurduň howpsyz transportynyň üpjün edilmegi maksady bilen jemlenendigini belledi

496826
Eýran, Hindistan we Owganystan Çabahar şertnamasyna gol çekdiler

Eýranyň gündogaryndaky Çabahar deňiz menzilinden Owgansytana we Orta Aziýa çenli ýetiriljek gara we demir ýollar maýalaryny öz düzüminde jemleýän şertnama iki ýurt bilen birlikde Hindistan hem gol çekdi.

Gol çekilşik dabarasy Eýranyň paýtagty Tähranda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň, Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani Ahmedzainiň we Hindistanyň Premýer ministri Narendra Damodardas Modiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Gol çekilşik dabarasyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda çykyş eden Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani: “Şu gün üç ýurt üçin hem taryhy gündür. Çabahar tranzit ýoly Hindistany Owganystan, Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen birikdirer. Ylalaşyk teksti diňe ykdysady ylalaşyk däl, eýsem sebitiň mümkünçilikleriniň sebitiň galkynmagy üçin ulanylmagyna gönügen syýasy bir tekstdir” diýdi.

Hindistanyň Premýer ministri Modi bolsa üç ýurduň howpsyz transportynyň üpjün edilmegi maksady bilen jemlenendigini belledi.



Degişli Habarlar