Gazagystanyň daşky bergisi 26 milliard dollardan geçdi

Gazagystanyň Maliýe ministri Bahyt Sultanow 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdunyň daşky bergisiniň 26 milliard 600 million dollardan geçendigini belledi

494032
Gazagystanyň daşky bergisi 26 milliard dollardan geçdi

Sultanow mejlisde 2015-nji ýylyň býujeti bilen baglanşykly beren hasabatynda: “Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň global bäsleşik indeksindäki 2015-2016-njy ýyllary öz içine alýan hasabatdaky Döwlet bergisi subindeksine görä Gazagystan 140 ýurtdan 12-nji orunda ýer alýar” diýip belledi.

Sultanow ýurduň bergisiniň girdeji derejäniň 10 göteriminden az bolmagynyň bolsa howpsyz ýagdaý hökmünde häsýetlendirdi.



Degişli Habarlar