"Türkiýe ösüş çaklamasy artdyrlan seýrek gabat gelýän ýurtlardan biri"

Wise-premýer Mehmet Şimşek G-20-nyň ministrler derejesinde geçirlen maslahatyna hem gatnaşdy

472054
"Türkiýe ösüş çaklamasy artdyrlan seýrek gabat gelýän ýurtlardan biri"

Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek Türkiýäniň ösüş çaklamasy artdyrlan seýrek gabat gelýän ýurtlardan biridigini aýtdy.

Halkara Pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň maslahatlaryna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Wise-premýer Mehmet Şimşek G-20-nyň ministrler derejesinde geçirlen maslahatyna hem gatnaşdy.

Şimşek maslahatdan soň beren beýanatynda Halkara Pul gaznasynyň Türkiýäniň ösüş çaklamasyny artdyrmagy hakynda durup geçdi.

Şimşek “Bu biziň üçin garaşylýan wakada. Soňky ýyllarda halkara banklar we halkara kredit derejelendiriş guramasy Türkiýe meselesinde ikirjiňli jemeleşýärşer Emma biz durmuşa geçiren işlerimiz bilen olary geň galdyrmaga dowam edýäris. Olar hem ýuwaş-ýuwaşdan muna öwrenişýärler" diýdi.

Wise-premýer Şimşek ABŞ-nyň Söwda birleşmesinde geçirlen bosgunlar baradaky oturlyşyga hem gatnaşdy.

Şimşek “Bosgun meselesinde Türkiýäniň alyp barýan syýasatyny hemmeler takdyr edýär. Türkiýäniň bosgunlary kabul etmek bilen bütin dünýä adamkärçilik dersini berendigi nygtaldy. Biz bosgunlar bilen ähli taraplaýyn gyzyklanýarys. Bosgun çagalaryň bilim almagy we utgaşyklygy üçin hem uly işleri durmuşa geçirdik" diýip belledi.



Degişli Habarlar