G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Ýaponiýada jemlendiler

Dünýäniň iň ösen 7 ýurdy bolan G7-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Ýaponiýanyň Hiroşima şäherinde maslahat geçirýärler

468292
G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Ýaponiýada jemlendiler

Iki gün dowam etjek maslahatyň esasy gün tertibi ýadro ýaragsyzlanma bolar.

Maslahatda Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky syýasy krizisler bilen birlikde, Koreýa ýarymadasyndaky demirgazyk-günorta dartgynlygy, deňiz howpsyzlygy we terrora garşy göreş ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda ABŞ-nyň Hiroşima şäherine atom bombasyny atmagy netijesinde 140 müň adam ýogalypdy, şäher hem harabalyga öwrülipdi.

G7-ä agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary 25-26-njy maý aralygynda Ýaponiýada özara duşuşarlar.



Degişli Habarlar