Russiýa Gyrgyz Respublikasyna 30 million dollar kömek berdi

“Akipress" habarlar gullugynyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezident gullugyna esaslandyrýan habarynda Russiýanyň hökümetiniň Gyrgyzystanyň hökümetine 30 million dollarlyk kömek berendigi nygtalýar

445933
Russiýa Gyrgyz Respublikasyna 30 million dollar kömek berdi

Berilen kömegiň býujet ýetmezçiliginde we Gyrgyzystanyň Ýaragly güýçleri bilen güýç ulanyjy edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş jaý islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin peýdalanyljakdygy habar berildi.

Gyrgyzystanyň 2016-njy ýyldaky döwlet býujetinde 345 million 271 müň 111 dollar ýetmezçilik bar.



Degişli Habarlar