"Russiýanyň türk bazaryndaky ýerini Ukraina alyp biler"

Ukraina Türkiýä goldaw berer

397016
"Russiýanyň türk bazaryndaky ýerini Ukraina alyp biler"

Ukrainanyň Azyk ministri Alekseý Pawlenko rus hökümetiniň Türkiýä söwda çäklendirmesini goýandygy sebäpli azyk bazarynda emele gelen boşlygy doldurmaga taýardyklaryny aýtdy.
Pawlenko Ukrainanyň hökümetiniň Türkiýä budaý, mekgejöwen we ýag eksportyny azyndan iki esse artydyp biljekdigini nygtady.
Ukrainanyň Azyk ministri Alekseý Pawlenko “Türkiýe Ukrainanyň ynamdar hyzmatdaşydyr. Türkiýäni azyk önümleri bilen üpjün edip bileris. Russiýanyň türk bazaryndaky ýerini Ukraina alyp biler” diýdi.
Ukrainaly ministr ýurdunyň Türkiýä üsýümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 566 million dollarlyk ekerançylyk önümini eksport edendigini belledi we Russiýa Türkiýä azyk embargosyny goýan halatynda Ukrainanyň bugdaý, mekgejöwen, arpa we ýag eksportyny artdyryp biljekdigini ýatlatdy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar