THÝ bilen 9 aýda 46,5 million adam uçdy

Türki howa ýollarynyň ýolagçy sany şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryna garanyňda 12,2 göterim artyp 46,5 million adama ýetdi.

356057
THÝ bilen 9 aýda 46,5 million adam uçdy

THÝ tarapyndan berilen hasabata görä 2015-nji ýylda ýolagçy sany içerki uçuşlarda 16,5 göterim, daşary ýurt saparlarda bolsa 9,1 göterim artdy.

Geçen ýylyň ahyrynda jemi 260 şähere uçar saparlary ýerine ýetirilen bolsa, şu ýylyň ilknji 9 aýynda 277 şähere uçar saparlary guraldy.

Ýurduň öz içine geçen ýyl 43 nokada sapar guralan bolsa bu san şu ýyl 48 ýetdi. Daşary ýurt saparlar bolsa 217-den 229-a ýetdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda uçar sany 265 bolan bolsa, şu ýyl uçarlaryň sany 298-e çenli baryp ýetdi.

Uly göwrümli ýolagçy uçaryň sany 56-dan 71-e, kiçi göwrümli ýolagçy uçar sany 200-den 217-ä, 9 ýük uçaryň sany bolsa 10-a ýetdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar