Türkiýäniň Goranmak senagaty Katardaky sergä gatnaşar

Sergä iki ýurtdan 75 töwerek firma we gurama gatnaşar

390919
Türkiýäniň Goranmak senagaty Katardaky sergä gatnaşar

Türkiýäniň Goranmak senagatynyň ägirtleri oktýabr aýynda Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň we Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Saniniň goldaw bermeginde geçiriljek “High-Tech Port by MÜSİAD” sergisine gatnaşar

Sergi diňe Türkiýäniň we Kataryň degişli firmalarynyň we guramalarynyň gatnaşmagynda 6-8-nji oktýabr aralygynda Kataryň paýtagty Dohada geçiriler.

Sergä Türkiýeden we Katardan jemi 75 firma we gurama gatnaşar. Sergä Türkiýeden müňden gowrak adamyň gelip görmegine garaşylýar.
Geçen 10 ýylyň dowamynda 20 milliard dollary hem geçen Goranmak býujeti bolan Türkiýe şol mukdaryň 50 göteriminden hem gowragyny özi çykardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar