Wolwo kärhanasy 10 müň ulagy yzyna çagyrdy

Şwesiýaly ulag öndürji kärhanasy Wolwo howpsyzlyk ýassyklarynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli 10 müň ulagy yzyna çagyrdy

317272
Wolwo kärhanasy 10 müň ulagy yzyna çagyrdy

Kärhananyň metbugat geňeşçisi Stefan Elfstrom “Autoblog” saýtyna beren beýanatynda ulaglaryň howpsyzlyk ýassyklarynda tehniki näsazlygyň ýüze çykandygyny we barlaglaryň netijelerinde ýassyklaryň çalt tizlik bilen açylmaýandygyny anyklandyklaryny aýtdy.

Elfstrom näsazlygyň Şwesiýada, ABŞ-da, Germaniýada we Kanadada satylan 2016-njy ýylyň XC90 görnüşli ulaglarda anyklanandygyny mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar