İlkinji otly Baku şäherine gelip ýetdi

28-nji iýulda Hytaýdan ýola düşen we ilkinji gezek Halkara Trans Hazar Transport Liniýasyndan geçen ýük otlusy Azerbaýjana geldi

313786
İlkinji otly Baku şäherine gelip ýetdi

Gazagystandan geçip 4,258 kilometr demir ýoluny we 510 kilometr deňiz ýoluny geçen ýük otlusynyň ýoly 6 gün dowam etdi.
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gürjistanyň, Türkiýäniň we Hytaýyň demir ýol edaralarynyň bilelikdäki başlangyjy boýunça çekilen demir ýoly bilen Hytaýdan Ýewropa has çalt we arzan ýük daşamak mümkin bolar.
Ozal dürli liniýalar bilen Hytaýdan ugraýan ýük otlusynyň Alat portuna gelip ýetme möhleti 35 günden 6 güne düşer.
2020-nji ýyla çenli liniýa arkaly daşalan konteýnerleriň sanynyň 300 müňden geçmegi meýilleşdirilýär.
Taslamanyň çäginde ikinji ýük otlusynyň sentýabr aýynda Hytaýdan Türkiýä ugramagy göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar