Aziýaly maýadarlar Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýar

Maýa goýumlary üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe 115 göterim ýokarlady

313299
Aziýaly maýadarlar Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýar

Aziýaly maýadarlaryň Türkiýä goýan maýa goýumlary üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe 115 göterim ýokarlap 488 million dollardan 1 milliard 49 million dollara çenli baryp ýetdi.
Ady agzalýan döwürde ÝB-ne agza ýurtlaryň goýan göniden maýa goýumy bolsa 47,5 göterim azalyp 2 milliard 905 million dollardan 1 milliard 524 million dollara çenli aşaklady.
Türkiýede iň köp maýa goýan Ýewropa ýurdy Gollandiýa boldy. Geçen ýylyň ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde 1 milliard 540 million dollarlyk maýa goýan Gollandiýa, üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýynda Türkiýede 571 million dollarlyk maýa goýdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar