Eýran býujetini çäklendirer

Nebitiň nyrhynyň aşaklamagy we sanksiýalar sebäpli ykdysady taýdan pese gaçan Eýran býujetine täze çäklendirmeler girizer

312253
Eýran býujetini çäklendirer

Eýran 5 ýyldan bäri azyk we energetika pudaklarynda berilýän goldawyň kesilmeginiň öwezini dolmak üçin halkyň esasy bölegini aýda 15 dollara golaý jerime töleýärdi.
Geçen aýlarda 1 million adam jerime töleginiň sanawyndan çykarylypdy. 4 million eýranly bolsa meýletin ýagdaýda şol jerime isleginden el çekipdi. Resmi Tähran bolsa sanawy zaltmak üçin taýarlyk görýär.
Hökümet 22-nji awgustdan başlap ýokary girdejili gatlakdan 1 million adamyň sanawdan çykaryljakdygyny mälim etdi.
Şeýlelikde býujetden aýda 30 million dollaryň tygşytlanmagy göz öňünde tutulýar.
Hökümet jerime tölenýänleriň sanawyndan çykarylanlaryň sanyny geljek mart aýyna çenli 6 million adama ýetirmegi maksat edinýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar