Russiýa gazyň bahasyny arzanlatdy

Russiýa Türkiýä satýan tebigy gazyň bahasyny arzanaldanadygy mälim etdi

309853
Russiýa gazyň bahasyny arzanlatdy

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak Türkiýä satýan tebigy gazyň bahasyny 10,25 göterim arzanladandygyny habar berdi.

Emma Gazprom bilen BOTAŞ öz aralarynda entek ylalaşyga gol çekmediler.

Russiýanyň Ýewropa Türkiýäniň üsti bilem ugratmagy meýilleşdirilen Türk akymy taslamasynyň ylalaşygyna gol çekilmändi.

Ylalaşyga gol çekilmedigi üçin Garadeňizden geçirilmegi meýilleşdirilen turba geçirjiniň gurluşygy hem togtadylypdy.

Beýan edilen arzanladyşdan soň Garadeňizden geçirilmegi meýilleşdirilen tebigy gaz geçirjisiniň ylalaşygyna gol çekilmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar