Türk banklaryna oňaýly baha berildi

Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitch Ratings” türk banklary bilen baglanşykly beýanat berdi

281336
Türk banklaryna oňaýly baha berildi

Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitch Ratings” 2015-nji ýylyň ilkinji çärýeginde dowam eden durnukly kredit ösüşiniň Türkiýäniň bank pudagyna oňaýly täsir edendigini beýan etdi.

Gurama tarapyndan berilen beýanata görä bu ýagdaý banklaryň balanslaryna ýaramaz täsir ýetirmeginiň öňüni aldy we makro ykdysady deňagramlylyklar sebäpli ýüze çykýan howplary azaltdy.

Beýanatda türk banklarynyň şu ýylyň ähli çärýeklerinde 15-20 göterim aralygynda ösüş etmegi meýilleşdirýändigi ýatladyldy we ýylyň ilkinji çärýegindäki görkezijileriň garaşylýan çäge ýetip biljekdigi nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar