Premýer ministr Dawutoglynyň beýanaty

Ahmet Dawutogly Söwda we senagat birleşmelerinin 8-nji geňeşine gatnaşdy

232203
Premýer ministr Dawutoglynyň beýanaty

Premýer ministr Ahmet Dawutogly “Bütin dünýä ykdysady çökgünligi başdan geçirýärkä biz ösüş eden bolsak, onuň syry durnuklylykdyr. Türkiýe ot halkasynyň ortasyndaky durnuklylyk adasy” diýdi.
Häkimiýet başyna geleli bäri eksport görkezijileriniň 160 milliard dollara ýetendigini ýatladan Dawutoglyüm mundan beýläk ykdysadyýeti höweslendirmek üçin diňe şäherlerde däl, etraplar üçinem maksatnamalaryň taýarlanjakdygyny aýtdy.
Geňeşe günorta-gündogar şäherlerinden gatnaşanlaryň çykyşlarynda ýygy-ýygydan çözgüt etabyna ünsi çekendigini nygtan Premýer ministr: “Çözgüt etaby diňe bir syýasy, medeni maksatnama däl. Uly göwrümli ykdysady maksatnama, sosial-ykdsyady taslama we ýurdumyzyň ösüşindäki esasy ugurlaryndan biri” diýdi.
Çykyşynda golaýlap gelýän saýlawlar barada-da durup geçen Premýer ministr Dawutogly, häkimiýet başyndaky partiýa üçin saýlaw ykdysadyýetini durmuşa geçirmegiň, oppozisiýa üçin bolsa ýerine ýetirilip bilinmejek wadalary bermegiň duzak boljakdygyna ünsi çekdi.
“Biz Adalat we ösüş partiýasy hökmünde 12 ýylyn dowamynda saýlaw üçin aýratyn syýasat alyp barmadyk. Biz 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin hökümet maksatnamasyny yglan etmekçi” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar